Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Baýkonuryň döredileniniň 60-njy ýyl dönümi bellenilýär


Gazagystanyň Baýkonur kosmos stansiýasynyň resmileri 1-nji iýunda bu merkeziň döredileniniň 60-njy ýyl dönümini belleýärler.

Bu sene mynasybetli dabaralar Baýkonur medeniýet merkezinde geçirilen dabaralar bilen başlap, agşamara geçiriljek konsert dabarasy bilen dowam eder.

Baýkonur kosmos stansiýasy Sowet Soýuzynyň “R-7” kysymly kontinentara ballistik raketasyny synagdan geçirmek üçin niýetlenen merkez hökmünde 1950-nji ýyllarda gurulypdy.

Bu merkez resmi taýdan 1955-nji ýylyň 2-nji iýunynda, ýagny Sowet Goranmak ministrligi bu synag merkezini resmi taýdan açmak barada buýruga gol goýan mahaly açylypdy.

Baýkonur kosmos stansiýasyndan synag maksatly ilkinji ballisitik raketa 1957-nji ýylyň 15-nji maýynda uçurylypdy.

XS
SM
MD
LG