Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Bäş “Talyban” söweşijisi öldi


Owganystanyň günortasyndaky Jalalabad şäherinde “Talyban” hereketiniň bäş söweşijisi polisiýanyň jaý toplumyna girmäge synanyşan mahaly öldürildi. Bu hüjümiň başynda janyndan geçen söweşijileriň biri bombaly ulag bilen binanyň girelgesine hüjüm etdi.

Owgan resmileriniň berýän maglumatyna görä, bombaly ulagyň partlamagy netijesinde dokuz owgan polisiýasy ýaralandy.

Nangarhar welaýat polisiýasynyň başlygy Fazal Ahmad Şirzadyň aýtmagyna görä, polisiýa ofiserleri janyndan geçen hüjümçiden başga hem dört söweşijini atyp öldüripdirler we bir sanysyny tussag edipdirler.

Şirzad 1-nji iýunda edilen bu hüjümde polisiýa söweşijilerden “AK-47” kysymly tüpeňleri, reaktiw granatomýotlary we el granatlaryny ele saldy diýýär.

Üç ýarym sagat çemesi dowam eden bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG