Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: “Gara sanaw” syýasy maksatly däl


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Alekseý Meşkow Kremliň Ýewropa Bileleşiginiň syýasatçylarynyň Russiýa girmegini gadagan edýän “gara sanawy” barada Günbataryň eden tankytlaryny ret etdi. Ol Ýewropa Bileleşigine agza 17 ýurtdan 89 syýasatça garşy girizilen gadagançylygyň syýasy maksatly däldigini aýtdy.

Meşkowyň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň Kremli ýiti tankyt edýän şahslaryna garşy girizilen bu “gara sanawyň ýeke täk maksady şol sanawda ady geçýän adamlaryň durmuşyny birneme ýeňletmekden ybaratdyr”.

2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýanyň Krym sebitini anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky Russiýa tarapdar separatistlere goldaw bermegi bilen baglanyşykly Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlylaşdy.

Şol bir wagtyň özünde Ýewropa Bileleşigi orsýetli we Russiýa tarapdar ukrainleriň 151 sanysyna garşy sanksiýalary girizipdi.

XS
SM
MD
LG