Sepleriň elýeterliligi

Katar tussaglaryň çäklendirmesiniň möhletini uzaltdy


Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi Katar “Talybanyň” bäş liderine garşy girizilen syýahat gadagançylygyny wagtlaýyn uzaltmagy kabul etdi diýdi. “Talyban” hereketiniň gürrüňi edilýän bäş lideri ele salnan amerikan seržanty Bowe Bergdahly tussaglykdan boşatmak şerti bilen, geçen ýyl Birleşen Ştatlaryň Kubadaky Guantanamo Baý türmesinden azatlyga goýberilipdi.

31-nji maýda günbatar metbugatynyň amerikan resmisine salgylanyp beren maglumatynda gürrüňi edilýän syýahat gadagançylygy uzak möhletleýin çözgütler üçin geçirilýän diplomatik gepleşikler tamamlanýança saklanyp galar diýilýär.

2014-nji ýylyň maý aýynda Bergdahlyň tussaglar bilen alyş-çalyş edilmegine laýyklykda, “Talybanyň” bäş liderine garşy girizilen syýahat çäklendirmesiniň 1-nji iýunda tamamlanmagyna garaşylýardy.

Amerikan resmisi bu mesele dogrusynda özüniň köpçülige maglumat bermäge ygtyýarynyň bolmanlygy sebäpli adynyň köpçülikde agzalmazlygyny sorady we öňki tussaglaryň ählisiniň häzirki wagtda Katarda ýaşaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, tussaglar häzirki wagtda syýahat gadagançylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup, giň gerimli gözegçilikde saklanylýarlar.

XS
SM
MD
LG