Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: ‘Gara sanaw’ syýasy däl


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 1-nji iýun, 2015

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 1-nji iýun, 2015

1-nji iýunda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň 89 sany ýewropa syýasatçysyna, ýagny Kremliň tankytçylaryna garşy wiza gadagançylygyny girizmegi bilen bagly Ýewropa Bileleşiginiň tankydyny ret etdi we ony “manysyz zat” diýip atlandyrdy.

Sergeý Lawrow 1-nji iýunda Moskwada Italiýanyň daşary işler ministri Paolo Gentiloni bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Meniň düşünişime görä, bizi Orsýet Federasiýasyna girmegi gadagan edilen şahslaryň sanawyny eden-etdilikli, hiç bir esas bolmazdan düzmekde aýyplaýarlar, şol bir wagtda-da ÝB tarapyndan ähli kadalaryň berjaý edilendigi, ýagny sanawa girizilen her bir orsýetliniň muňa mynasyp bolandygy aýdylýar. Bu logikanyň manysyzdygyny düşündirmegiň özi hem oňaýsyz. Sebäbi bu halkara kadalaryny öz syýasy islegleriň esasynda ýoýmak synanyşygydyr”.

Lawrow gara sanawyň Krymyň anneksiýa edilmegi we gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleriň goldanmagy bilen baglylykda Kremli tankyt edýän ýewropalylara garşy syýasy ar alyş diýlen çaklamalardan ýüz öwürdi.

Ýewropa Bileleşiginiň çäresi

Ol ÝB-niň sanksiýalaryny, şol sanda 151 sany orsýetliniň hem orsýetçi ukrainlaryň hasaplaryny doňdurmak we olaryň syýahat etmegine gadagançylyk girizmek ýaly çärelerini syýasat bilen baglanyşdyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini 30-njy maýda eden çykyşynda Kremliň gara sanawyny “dolulygyna eden-etdilikli we adalatsyz” diýip atlandyrdy.

Mogheriniň metbugat wekili Maýa Koçiýançiç 1-nji iýunda Brýusselde eden çykyşynda “89 adamyň adyny öz içine alýan sanaw Orsýetiň häkimiýetleri tarapyndan ýaýradyldy. Bu karara gelinmeginiň kriterileriniň kanuny esaslary barada bizde ýeterlik maglumat ýok, emma biz dynç günlerinde açyk aýdypdyk, biz bu çäräni, aýratynam düşündirişiň we aýdyňlygyň bolmazlygynda eden-etdilikli we adalatsyz, diýip hasap edýäris. Raýatlaryna [bu kararyň] täsiri ýeten agza döwletler bilen biz ýakyn aragatnaşykda” diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogheriniň metbugat wekili aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Alekseý Meşkow Kremliň Ýewropa Bileleşigine agza 17 ýurtdan 89 syýasatça garşy girizilen Orsýete barmak gadagançylygynyň syýasy maksada görä däldigini aýtdy.

2014-nji ýylyň mart aýynda Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp almagy we gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere goldaw bermegi bilen baglanyşykly Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşdy. Netijede Ýewropa Bileleşigi orsýetlileriň we orsýetçi ukrainlaryň 151 sanysyna garşy sanksiýa girizdi.

XS
SM
MD
LG