Sepleriň elýeterliligi

“Çagalar okuw esbaplary üçin işleýär”


Türkmenistanda araba sürüp gazanç edýän çagalaryň biri.

Türkmenistanda araba sürüp gazanç edýän çagalaryň biri.

1-nji iýunda dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda Halkara çagalar güni bellenilip geçildi. 1925-nji ýylda Ženewada çagalaryň abadançylygy boýunça geçirilen Bütindünýä konferensiýasynda 1-nji iýun Halkara Çagalar güni diýlip ykrar edilipdi.

Bu gün paýtagt Aşgabadyň birnäçe sebitinde, şol sanda seýilgählerinde ençeme çagalaryň gatnaşmagynda bellenilip geçilýän mahaly, ýurduň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatynyň käbir bazarlarynda ençeme çaganyň arabalarda ýük çekip, agyr zähmetde işleýändigi habar berilýär.

Daşoguz welaýatyndan özüni Sona diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan käbir çagalaryň täze okuw ýylyna egin-eşik almak üçin tomusky dynç alyşlarynda bazarlarda araba sürýändigini aýdýar. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG