Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zyýanly bolsa-da, çilim çekýärler


Çilim
Çilim

2030-njy ýylda dünýäde çilimkeşlikden ýylda 8 million adam ýogalar diýlip, BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) täze hasabatynda aýdylýar.

Temmäki önümleriniň zyýanyna halkara derejesinde geçen asyryň aýagynda üns artdy. Bütindünýä saglyk guramasy 1988-nji ýylda 31-nji maýy halkara temmäkisiz gün diýip yglan etdi. Çilimkeşligiň, öňüni alyp bolýan ölümlik hassalykdygy resmi derejede ykrar edildi.

Dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda-da çilimkeşlige garşy döwlet syýasaty ýöredilýär, köpçülikde çilim çekmäge gadagançylyk ýaly çäreler görülýär.

Aktuallygy gowşamaýar

Muňa garamazdan, çilimkeşlik problemasynyň aktuallygy gowşamaýar.

20-nji asyrda temmäki 100 million adamyň ölümine sebäp bolandygy aýdylýar we, BMG-niň maglumatyna görä, eger häzirki gidişine gitse, onda 21-nji asyrda temmäkiden ölýänleriň sany milliarda ýetip biler.

Şu ýyl çilimkeşlige garşy halkara güni “Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny bes etmeli” diýen şygar astynda geçdi. Bütindünýä saglyk guramasy bikanun çilim söwdasynyň öňüni almak arkaly arzan çilimiň azalmagyny we ilatyň az girdejili gatlaklarynyň hem-de ýaşlaryň arasynda çilimkeşligiň azalmagyny gazanyp bolar diýip hasap edýär.

Maglumata görä, şu günki gün çilimkeşleriň 80%-i az we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýar.

Çilimkeşligiň zyýany barada aýdylanda...

Çilimiň düzümindäki zäherli maddalara degişli, hususan-da, şeýle sanlar berilýär: 20 çilimiň düzümine 130 mg nikotin, 45 gr ammiak, 0,7-1,1 mg sinil turşusy we 0,6 tutujy ys gazy we beýleki zäherli jisimler girýär. Bu maddalaryň adamynyň endamyna düşüp, saglyga ýetirýän täsiriniň netijesinde, käbir maglumatlara görä, çilimkeşleriň ömri çilim çekmeýän adamlardan orta hasapdan 9 ýyl gysga bolýar.

Çilimkeşligiň adamyň dem alyş, ýürek-damar, nerw sistemalaryna, hatda daş keşbine erbet täsir edýändigi medisina taýdan ýyllar boýy tassyklanyp gelinýär.

Emma temmäkiniň zyýany baradaky maglumatlara garamazdan, çilimkeşlik meşhur bolmagyna galýar.

Kynçylyk nämede?

Temmäki adamzadyň taryhynda öwrenneklilige getirýän iň giň ýaýran endik hasaplanýar. Temmäki önümlerini çekýärler, çeýneýärler, diliň aşagyna goýýarlar, hatda ysgaýarlar. Onuň

saglyga zyýanyna garamazdan, käbir adamlar asla çilimi taşlamak islemeýärler, käbirleri bolsa, taşlansoňlar, ýene-de gaýtadan bu neşä başlaýarlar.

Munuň sebäbiniň nikotiniň adamynyň nerw sistemasyna we iýmit siňdiriş hem ýürek-damar sistemasyna ýetirýän fiziki we psihiki täsiri bilen baglydygy aýdylýar.

Medisina meseleler boýunça sosial neşirleriň birinde temmäkiden saplanmagyň kynçylyklary düşündirilip, adam çilimi taşlanda, nikotina öwrenişen bedeniň nikotin ýetmezçiliginden stress ýagdaýa düşýändigi we hut şu ýagdaýda çilimkeşiň çilim çekmek üçin edýän hereketine zar bolýandygy bellenilýär. Emma çilimi taşlandygy sebäpli çilim çekmäge “hakynyň ýokdugy” ýadyna düşende, hut şeýle çykgynsyzlyk –“azarlama” adamyň köplenç çilimkeşlige gaýtadan dolanmagyna sebäp bolýar diýip, "medkarta.ru" neşiri belleýär.

Soňky döwürde çilimiň ornuny belli bir derejede kalýan, ýagny suw çilim çekmek däbi tutdy. Temmäkiniň gündogar medeniýetine mahsus bu görnüşiniň tutuş dünýä boýunça, şol sanda hatda ýaşlaryň arasynda meşhurlygy artdy.

Emma munuň hem zyýany öwrenilýär. Hususan-da, suw çilim üçin 25 gram temmäkiden ybarat adaty bir paýyň zyýanynyň 60 sany çilimiň täsirine barabardygyny ”ovrede.ru” neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň tejribesi

Türkmenistanda köpçülikleýin ýerlerde çilim çekmek we hatda temmäki önümlerini wagyz etmek 2000-nji ýyldan bäri gadagan.

2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) “Temmäkä garşy göreşmegiň” Konwensiýasyna goşuldy, ýurtda temmäki önümleriniň bahasy azyndan 50% ýokarlandy.

Türkmen mediasy ýurtda ilatyň 8%-niň çilim çekýändigini we türkmen hökümetiniň bu görkezijini 2025-nji ýyla çenli 5% getirmegi planlaşdyrýandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG