Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Hytaý täze gazgeçirijiniň gurluşygyna başlady


Russiýanyň döwlete degişli “Gazprom” kärhanasy Pekin rus gazyny Hytaýa akdyrjak gazgeçirijiniň gurluşygyna başlady diýýär.

“Gazprom” kärhanasynyň 2-nji iýunda beren maglumatyna görä, geçen hepde Hytaý “Sibiriň güýji” diýlip atlandyrylýan gazgeçirijiniň özüne degişli böleginiň gurluşygyna başlapdyr.

Geçen ýyl Russiýa we Hytaý 400 milliard amerikan dollary möçberindäki gaz ylalaşygyna gol goýdy. Bu ylalaşyk täze gazgeçirijiniň gurulmagyny talap edýär.

Şeýle-de, bu ylalaşygyň diňe Russiýada amala aşyryljak bölegi üçin 55 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe ýatyrylar.

XS
SM
MD
LG