Sepleriň elýeterliligi

Rohani: Siriýanyň soňuna çenli goldarys


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady soňuna çenli goldajakdygyny aýtdy.

Eýranyň resmi metbugatynyň berýän maglumatyna görä, Rohani bu barada 2-nji iýunda Siriýanyň parlamentiniň spikeri Mohammad al-Lahamyň Tährana eden sapary döwründe belläp geçipdir.

Bu duşuşyk, soňky hepdelerde Siriýadaky ýaragly oppozision fraksiýalaryň ençeme ýerleri ele salmagynyň yzýanyna gabat geldi. Geçen aý “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Siriýanyň merkezindäki gadymy Palmyra şäherini ele saldylar.

Eýran prezident Assady we onuň kakasyny 2011-nji ýylda Siriýadaky konflikt başlamazdan öň hem goldaýardy.

Kommentatorlaryň aýtmaklaryna görä, Siriýada dowam edýän konfliktde sünni jyhadçy fraksiýalaryň has meşhur bolmagy netijesinde Assadyň hökümeti we Eýran, Siriýanyň oppozisiýasyny regionyň musulman sünni ýurtlary tarapyndan goldanylýan terrorçylar diýip häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG