Sepleriň elýeterliligi

Abadi: Ýaranlar “YD”-ny ýeňmek üçin tagalla etmeýär


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi Bagdadyň halkara koalisiýasyndaky ýaranlary “Yslam döwleti” atly ekstremist topary ýeňmäge kömek etmek üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýär diýdi.

2-nji iýunda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen konferensiýada çykyş eden Abadi koalisiýadaky hyzmatdaşlarynyň “Yslam döwleti” atly toparyň basybalyşlaryny togtatmak üçin Yragy ýeterlik derejede howa güýçleri bilen üpjün etmändigini aýtdy. Şeýle-de, ol gury ýer operasiýalary üçin hem harby ýardamlaryň ýetmezçilik edýändigini belledi.

Abadi Yragyň serhetlerinden söweşiji topara goşulmak üçin daşary ýurtlardan gelýän söweşijileriň sanynyň öňküsinden kemelmändigini aýdyp, häzirki wagtda radikal sünni toparyň aglabasynyň daşary ýurtly söweşijilerden ybaratdygyny hem nygtady.

Fransiýada geçirilýän duşuşyga 20 çemesi ýurduň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň we Fransiýanyň ministrleri gatnaşýarlar. Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň ministrleri bu duşuşyga gatnaşmaýar.

XS
SM
MD
LG