Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FIFA Walke baradaky aýyplamany ret edýär


FIFA, ýagny Halkara futbol federasiýasy Birleşen Ştatlaryň korrupsiýa derňewleri bilen baglanyşykly 10 million amerikan dollary möçberindäki tölege öz Baş sekretarynyň gatnaşygynyň bardygy baradaky maglumatlary ret etdi.

FIFA-nyň Maliýe komitetiniň başlygy tarapyndan ygtyýarlandyrylan tölegde Jerome Walkeniň (Jerome Valcke) hiç hili roly ýok diýip, Halkara futbol federasiýasynyň 2-nji iýunda ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

“New York Times” neşiriniň berýän maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň hukuk goraýjy resmileri 2008-nji ýylda Walkeniň gürrüňi edilýän möçberdäki pul serişdesini Jak Warner (Jack Warner) tarapyndan dolandyrylýan bank hasabyna geçirendigine ynanýarlar.

Warner FIFA-nyň ýokary derejeli öňki resmisi bolup, ol häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG