Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny Hazar deňziniň astyndan Ýewropa akdyrmak işine doly goldaw berer diýip, Bileleşigiň energiýa boýunça wise-prezidenti Maros Sefçowiç aýtdy. Bu barada ”Azeri-Press Agency” internet-neşiri habar berýär.

Maglumatda Sefçowiçiň, “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda käbir dawaly meseleleriň bardygyna garamazdan, bu türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak mümkinçiliklerine hiç hili päsgel bermez. Tersine, bu taslama bar bolan meseleleriň käbirini çözmäge kömek eder” diýen sözleri hem getirilýär.

Ýewropa resmisi bu mesele dogrusynda iýul aýynda Astanada dörtgyraň maslahatyň hem geçiriljekdigini mälim etdi. Ýatlap geçsek, bu maslahatyň ozalky tapgyry geçen aý Aşgabatda geçirilipdi.

Maros Sefçowiç

Maros Sefçowiç

Mundan öň “Reuters” habarlar gullugy bilen söhbetdeşliginde MarosŞefçowiç Ýewropa Bileleşigi 2019-njy ýyldan başlap Türkmenistandan tebigy gaz alyp başlamaga garaşýar diýip belläpdi.

Şefçowiçiň maýda Aşgabatda bolan gepleşiklerde “Biz özara gowy düşünişýäris. Türkmenistan üçin öz eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa etmek möhüm, ÝB üçin bolsa öz importlaryny diwersifikasiýa etmek örän wajyp” diýip belländigi hem nygtalýar.

Belläp geçsek, bu proýektiň amala aşmagyna beýleki hazarýaka döwletleri bolan Russiýa we Eýran garşy bolup gelýärler.

Baku bilen Aşgabat bolsa, bu proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin diňe gazgeçirijiniň öz territoriýasyndan geçjek döwletleriň özara ylalaşygynyň ýeterlikdigini nygtaýarlar.

Sefçowiçiň soňky beýanatynda “Bu mesele dogrusynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň deň garaýyşlary bar. Gaz transporty meselesinde Azerbaýjan-Türkmenistan hyzmatdaşlygy tutuş regionyň atmosferasyna özüniň oňaýly täsirini ýetirer. ÝB-niň tarapyndan biz hem bu prosesi goldarys” diýýär.

Türkmen gazyny Ýewropa ugry boýunça akdyrmak mümkinçilikleri dogrusynda 1990-njy ýyllardan bäri gürrüň edilip gelinýär. Bu gazgeçirijiden her ýylda 30 milliard m3 gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG