Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Odessanyň täze häkimi gapma-garşylyk döretdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (ç) we Odessanyň täze häkimi, Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili (s), Kiýew, 1-nji iýun, 2015.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (ç) we Odessanyň täze häkimi, Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwili (s), Kiýew, 1-nji iýun, 2015.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Gürjüstanyň öňki prezidenti Mihail Saakaşwilini Odessa regionynyň häkimi wezipesine belläp, ýurdy geň galdyrdy. Onuň bu karary çylşyrymly Gara deňiz regionynda dürli reaksiýalary döretdi.

Dmitro Şurhalo, Mariýa Timoşçuk we Klaire Bigg Mihail Saakaşwiliniň Odessa regionyna häkim edilip bellenmegi ukrainleri geň galdyrdy diýmeklik bärden gaýtmakdyr.

Ýerli ýaşaýjylar, 31-nji maýda Gürjüstanyň öňki prezidentiniň Ukrainanyň kynçylykly günorta şäherini we daşyndaky regiony dolandyrmak wezipesine bellenendigini eşidenlerinde, muňa gaty geň galdylar.

Käbir odessalylar bu täzeligi hatda degişme hökmünde kabul etdiler.

"Bu, hakykatdanam, degişme ýaly bir zat. Ertir olar ahyrzaman diýseler, siz muňa-da ynanjakmy?” diýip, ýerli ýaşaýjy zenan AÝ/AR-a aýtdy.

Muňa garamazdan, syýasy synçylar Saakaşwiliniň 2014-nji ýyldan bäri Ukrainada hökümetiň işine gatnaşýandygyny belleýärler.

“Onuň ýokary derejeli wezipäni terk etmeginiň özi uly syr bolupdy” diýip, ukrain syýasy analitigi Wolodymyr Fesenko aýdýar. Analitik sözüniň üstüni ýetirip “soň ol saýlap alan ugrunda belli bir derejede tiz netije görkezdi” diýip belleýär.

Prezident Petro Poroşenko şol wagt öz ýanynda duran Mihail Saakaşwiliniň agzalýan wezipä bellenýändigini Odessa telewideniýesinde görkezilen dabarada aýtdy.

"Bizi Odessa we Ukraina bolan söýgimiz birleşdirýär” diýip, Poroşenko täze welaýat häkiminiň zerur bolan reformalary amala aşyrjakdygyny nygtady. “Bary-ýogy diňe bir ýylda odessalylar öz ýaşaýyş derejeleriniň ýokarlanandygyny duýmaly” diýip, Poroşenko öz çykyşynda belledi.

Şeýle-de ol Saakaşwilä Ukrainanyň raýatlygynyň berilýändigini yglan etdi.

Uzak wagt bäri Poroşenkonyň dosty bolan Saakaşwili öz ýurdy Gürjüstanda uly reformalary geçirmek bilen tanaldy.

Odesada wezipä belleniş dabarasynyň yz ýany eden gysga çykyşynda Saakaşwili özüniň wezipä welaýat häkimligindäki ähli orunbasarlary çalyşmak bilen girişjekdigini aýtdy.

“Biz ýaş adamlary, täze energiýany, başgaça garaýyşlary görmeli” diýip Saakaşwili aýtdy.

Orsýetiň täsirinden daşlaşyp, Ýewropa tarap ýakynlaşmagyň ugry bilen barýan Poroşenko hökümet wezipelerine ukrainaly bolmadyk ençeme adamlary belledi, şol sanda ABŞ-da doglan

Natalýa Ýareskony maliýe ministri wezipesine goýdy. Şol bir wagtda-da Saakaşwili ýolbaşçy wezipesine bellenen etnik ukrain bolmadyk ilkinji adamdyr.

Odessanyň käbir ýaşaýjylary onuň şähere täze durmuş getirjegine ynam bildirýän bolsalar, beýlekiler onuň Orsýetiň anneksiýa eden Krym ýarymadasynyň golaýynda ýerleşýän strategik port şäherini dolandyryp biljegine şübhe bildirýärler. Ukraina häzir orsýetçi pitneçileri gündogara tarap yza serpikdirmäge çalyşýar.

Şäherde, 2014-nji ýylyň maý aýynda hökümete garşy we hökümetiň tarapyndaky protestçileriň arasynda bolan we 40-dan gowrak adamyň ölümine getiren çaknyşyklardan soň, häzirem güýçli dartgynlylyk saklanýar.

Galyberse-de, Saakaşwili öz ýurdunda-da gapma-garşylykly şahsyýet hökmünde tanalýar.

Gürjüstanyň häkimiýetleri, 2013-nji ýylda prezidentlik möhleti tamamlanyp, ýurdy terk eden Saakaşwilini häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar we ýurda ekstradisiýa edilmegini talap edýärler.

Ukrainanyň daşyndaky reaksiýalar hem dürli boldy. 2008-nji ýylda Saakaşwiliniň häkimiýeti astynda Gürjüstan bilen gysga urşy alyp baran Orsýet onuň täze wezipesini ýaňsylady.

"Saakaşwili – Odessa regionynyň ýolbaşçysy. Tomaşa dowam edýär. Pahyr Ukraina...” diýip, Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew tweetterde ýazdy. (Саакашвили - глава Одесской области. Шапито-шоу продолжается. Нещасна Украïна ... — Дмитрий Медведев (@MedvedevRussia) May 30, 2015)

Gürjüstanda prezident Giorgiý Margwelaşwili Saakaşwilini ukrain pasportyny almak arkaly Gürjüstanyň raýatlygyndan ýüz öwürmekde aýyplady.

Gürjüstan prezidentiň ýörite ýüzlenmesi bolanda-da, goşa raýatlygy ykrar etmeýär.

“Ol munuň bilen biziň döwletimizi, prezidentligi kemsidýar” diýip, Margwelaşwili bu waka bilen bagly öz pikirini aýan etdi.

XS
SM
MD
LG