Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Google Maps”-dan internetsiz peýdalanyp bolar


“Google Maps”-dan internetsiz peýdalanyp bolar.
“Google Maps”-dan internetsiz peýdalanyp bolar.

Häzirki günlerde iň köp ulanylýan karta programmalarynyň biri “Google Maps”-e täze üýtgetmeler girizilýär.

Bu täzelikler “Google” kompaniýasynyň “I/O 2015” atly konferensiýasynda mälim edildi.

Bu konferensiýada berlen maglumata görä, “Google Maps”-yň ulanyjylary bu programmadan internet hyzmaty bolmazdan, ýagny internet “offline” görnüşinde bolan mahaly hem peýdalanyp bilerler.

Täzelikleriň ýene biri bu programmanyň hödürleýän sesli hyzmatydyr. Mundan beýläk ulanyjylar barjak ýerini sesli görnüşde hem öwrenip bilerler.

“Google Maps”-yň bu üýtgetmelerinden ilkinji nobatda internet hyzmatynyň derejesi pes bolan, ösmedik ýurtlardaky ulanyjylaryň peýdalanyp biljekdigi bellenilýär.

Şeýle-de, bu täze hyzmatyň şu ýylyň ahyryndan başlap ulanyjylara hödürlenjekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG