Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “YD”-nyň 10 müň söweşijisi öldürildi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň orunbasary Antoni Blinkin (Antony Blinken) dokuz aý öň halkara koalisiýasy Yrakdaky we Siriýadaky “Yslam döwleti” atly topara garşy howa kampaniýasyna başlany bäri, bu toparyň 10 müňden gowrak söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy.

Fransiýanyň paýtagty Parižde koalisiýanyň hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykdan soň, 3-nji iýunda “France Inter” radiosyna beren interwýusynda Blinkin: “Biz bu kampaniýanyň başynda munuň uzak wagta çekjekdigini aýdypdyk. Biz üç ýyllyk plany göz öňünde tutdyk we häzir biz bu planyň dokuzynjy aýynda barýarys” diýdi.

2-nji iýunda Birleşen Ştatlar we 20 döwletden ybarat koalisiýanyň beýleki agzalary Yragyň, ýurduň territoriýalaryny söweşijileriň kontrollygyndan gaýtadan yzyna almak barada göz öňünde tutan planlaryny goldadylar. Bu waka Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadiniň koalisiýany “Yslam döwleti” atly ekstremist topary ýeňmäge kömek etmek üçin ýeterlik derejede tagalla etmezlikde aýyplamagynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG