Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Parahat ilatdan üç adam öldi


Gündogar Ukrainadaky resmiler hökümetiň kontrollygyndaky territoriýalarda ýurduň ýaragly güýçleri bilen separatistleriň arasynda bolan çaknyşyklarda parahat ilatdan iki adamyň ölendigini habar berýärler.

Luhanks regionynyň ukrain lideri Hennadiý Moskalyň ýaýradan beýanatyna görä, 3-nji iýunda minomýot okunyň bir ulaga gelip düşmegi netijesinde gartaşan jübüt heläk bolupdyr.

Moskal bu wakanyň uruş liniýasyndan 20 kilometr uzaklykda bolandygyny belledi.

Donetsk regionynda bolsa, pitneçiler Ýenakiýewe şäherine edilen artilleriýa hüjüminde parahat ilatdan bir adamyň öldürilendigini we ýene biriniň agyr ýaralardan ejir çekendigini habar berýärler.

Ukrain güýçleri bilen Russiýa tarapdar separatistleriň arasyndaky çaknyşyklar zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6 400-den gowrak adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG