Sepleriň elýeterliligi

Interpol alty adam barada halkara gözleg yglan etdi


Halkara Interpol agentligi Birleşen Ştatlaryň haýyşy esasynda FIFA, ýagny Halkara futbol federasiýasy bilen ilteşigi bolan alty adam barada halkara gözleg yglan etdi. Bu gürrüňi edilýän adamlar islendik ýere sapar etse, olaryň tussag edilmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aňladýar.

3-nji iýunda Interpol Halkara futbol federasiýasynyň öňki iki resmisiniň we dört dolandyryjysynyň talaňçylykda, dildüwşükde we korrupsiýada aýyplanyp, olar barada “gyzyl bildirişleriň” çykarylandygyny mälim etdi.

Gürrüňi edilýän resmileriň arasynda Halkara futbol federasiýasynyň öňki wise-prezidenti, asly trinidadly Jak Warner we bu guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň öňki agzasy, asly paraguwaýly Nikolas Leoz dagylar bar.

Şeýle-de, bu sanawda argentinaly Alehandro Burzakonyň (Alejandro Burzaco), doganlar Hugo we Mariano Ýinkisiň (Hugo we Mariano Jinkis) we braziliýaly Hose Marguliesiň (Jose Margulies) atlary bar.

XS
SM
MD
LG