Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan: Hukuk goraýjy gurama reýd geçirildi


Russiýanyň döwlete degişli däl guramasy özüniň Çeçenistanyň paýtagtyndaky edarasyna ýüzi örtgüli adamlaryň hüjüm edendigini habar berýär.

3-nji iýunda “Gynamalara garşy komitetiň” beren maglumatyna görä, demir taýakly birnäçe adam guramanyň Groznidäki baş edarasyna hüjüm edipdir.

Guramanyň berýän maglumatynda işgärler kömek soramak üçin polisiýa jaň edende, olaryň telefon jaňlaryna jogap berilmändigi bellenilýär. Şeýle-de, edara giren ýüzi örtgüli adamlaryň penjireden çykyp, gaçyp gidendigi nygtalýar.

Mundan öň agzalýan guramanyň Çeçenistandaky edaralaryna reýd geçirilip, onuň wekilleri urlup-ýenjilipdi.

XS
SM
MD
LG