Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ÝB-nyň çäresini ret etdi


Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň gürrüňi edilýän bileleşikdäki wekili Wladimir Çižowyň we beýleki rus diplomatynyň Ýewropa parlamentiniň giňişligine girmegi çäklendirýän çäresini ret etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň rus diplomatlaryna garşy girizen bu çäklendirmesi Moskwanyň Ýewropa Bileleşiginiň 89 syýasatçysynyň Russiýa girmegini gadagan edýän çäresine gaýtawul hökmünde 2-nji iýunda yglan edildi.

“Meniň pikirimçe çäklendirme bolandygyna ýa-da bolmandygyna garamazdan, ol ýerde eder ýaly iş bolmasa, bir şahsyň ol ýere barmagyna zerurulyk ýok” diýip, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow belledi.

XS
SM
MD
LG