Sepleriň elýeterliligi

Parižiň aşyklar köprüsinden gulplar aýrylýar


Fransiýanyň paýtagty Pariž, şäherdäki meşhur köprüden gulplaryň aýrylýandygyna garamazdan, söýginiň paýtagty hökmünde saklanyp galmak isleýär. XIX asyrda gurlan bu köprüden gulplaryň aýrylmagy baradaky karar, geçen ýylyň tomus aýynda gulplaryň köprä agram salmagy netijesinde onuň bir böleginiň çökmeginiň yzýany kabul edildi. 1-nji iýunda Parižde işçiler "Pont des Arts" köprüsine aşyklar tarapyndan asylan ýüz müňlerçe gulplary aýryp başladylar.

XS
SM
MD
LG