Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler 'jenaýatçy' diýilýäni gözleýär


Türkmenistanda 'gözlenýän' Elnara Ismailowanyň sütüne ýelmenen fotosuraty.
Türkmenistanda 'gözlenýän' Elnara Ismailowanyň sütüne ýelmenen fotosuraty.

Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" topary Mary şäherinde ýaşaýan Elnara Ismailowanyň 'jenaýatçy' hökmünde gözlenýändigi barada häkimiýetler tarapyndan ýaýradylan fotosuratlaryny çap edip, bu gyzyň maşgalasynyň bäş ýyla golaý wagt bäri adalatsyzlykdan ejir çekýändigini we özlerine ýüz tutandygyny habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Ismailowlaryň maşgalasynyň emlägi Mary şäher sudy tarapyndan bikanun bölünişige salnypdyr. Azatlyk radiosy bu habar barada düşündiriş almak üçin Mary şäher kazyýetine hem telefon etdi, emma ol ýerde düşündiriş bermäge adam tapylmady. Biz bu habara barada Türkmen inisiatiwasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş bolduk.

Azatlyk radiosy: Farid, siz öz saýtyňyzda Mary şäherinde häkimiýetler tarapyndan adalatsyzlyga duçar bolandygyny aýdýan Ismailowlar maşgalasy barada göwrümli makala we olaryň gyzy Elnaranyň şäher binalarynda ýelmenen suratlaryny çap etdiňiz. Size bu maglumat nähili mälim boldy?

Farid Tuhbatullin: Hakykatdanam, biziň saýtymyzyň adamlaryň öz şikaýatlary bilen ýüz tutup bilmegi üçin bir funksiýasy, mümkinçiligi bar we ol barha köp meşhur bolýar. Onsoň Türkmenistanda öz problemalaryny çözmäge synanyşyk edip, ugur-ýol tapyp bilmedik we adalatsyzlykdan lapykeç bolan adamlar bize ýygy-ýygydan ýüz tutýarlar. Golaýda biz şeýle ýagdaýlaryň ýene biri barada, ýagny polisiýanyň we sud işgärleriniň esassyz ýerden tutuş bir maşgala azar ýamanyny berşi barada habar aldyk. Biz bu habary çap etmek niýeti bilen işiň detallary barada goşmaça birnäçe sorag berdik hem soraglarymyza kanagatlanarly jogap we degişli dokumentleriň nusgalaryny hem aldyk. Netijede, düýn biz bu habary çap etmek kararyna geldik.

Azatlyk radiosy: Siziň bu maşgalanyň işi babatdaky indiki planlaryňyz näme?

Farid Tuhbatullin: Meniň pikirimçe, bu iş boýunça açyk ýazylmagynyň we çap edilmeginiň özi häkimiýetleri oýlanmaga mejbur etmeli. Men bu ýerde Aşgabatdaky esasy häkimiýetleri nazarda tutýaryn, emma bu regiondaky, Marydaky häkimiýetleri hem oýlanmaga mejbur eder diýip örän umyt edýärin. Bu, elbetde, biziň birinji yşaratymyz.

Emma bu-da kömek etmese, biziň halkara gurluşlary bilen hem aragatnaşygymyz bar. Hususan-da on güne ýeter-etmez wagt içinde Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary barada dialog bolmaly. Onsoň biz bu işi, hususy bir iş hökmünde, Brýusselden Aşgabada gidýän komissiýanyň agzalaryna bereris we olardan bu meseläni şol ýerde gozgamagy haýyş ederis.

Eger ol türkmen häkimiýetleri tarapyndan dogry çözülmese, onda biz bu işi özümiziň beýleki hasabatlarymyza hem girizeris we BMG-niň adam hukuklary komitetine, beýleki halkara guramalaryna ýetireris.

XS
SM
MD
LG