Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interpol FIFA resmilerini gözleýär


Şweýsariýanyň polisiýasy FIFA-nyň edara jaýynyň öňünde, Zurih, 3-nji iýun, 2015.
Şweýsariýanyň polisiýasy FIFA-nyň edara jaýynyň öňünde, Zurih, 3-nji iýun, 2015.

Halkara Interpol agentligi ABŞ-nyň haýyşy boýunça FIFA, ýagny Halkara futbol federasiýasyna gatnaşygy bolan alty adam boýunça halkara gözleg yglan etdi. Bu karar, gözlegdäki adamlaryň islendik ýurda sapar edende, tussag edilmek töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aňladýar.

3-nji iýunda Interpol Halkara futbol federasiýasynyň öňki iki resmisiniň we dört dolandyryjysynyň galplykda, dildüwşükde we korrupsiýada aýyplanyp, olar barada “gyzyl duýduryşlaryň” çykarylandygyny mälim etdi.

Bu resmileriň arasynda Halkara futbol federasiýasynyň öňki wise-prezidenti, asly trinidadly Jak Warner we bu guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň öňki agzasy, asly paragwaýly Nikolas Leoz bar.

Şeýle-de, bu sanawda argentinaly Alehandro Burzakonyň (Alejandro Burzaco), doganlar Hugo we Mariano Ýinkisiň (Hugo we Mariano Jinkis) we braziliýaly Hose Marguliesiň (Jose Margulies) atlary bar.

ABŞ-nyň baş prokurory Loretta Lynç 3-nji iýunda eden çykyşynda Dünýä çempionatyny 2018-nji ýylda Orsýetde we 2022-nji ýylda Katarda geçirmek kararyna gelinmekde bidüzgünçilige ýol berlendigi baradaky aýyplamalary öz içine alýan meseleler boýunça Şweýsariýanyň häkimiýetleriniň derňew geçirýändigini belledi we mundan başga kommentariý berip bilmejegini aýtdy.

27-nji maýda Şweýsariýanyň polisiýasy ABŞ-nyň korrupsiýa bilen bagly aýyplamalarynyň esasynda FIFA-nyň ýedi wekilini tussag etdi.

Blutteriň karary

Şeýle-de Lynç Futbol boýunça halkara federasiýasynyň ýolbaşçysy Sepp Blutteriň wezipesini terk etmek kararyna degişli eden çykyşynda “mende jenap Blutteriň wezipesinden çekilmek kararyna kommentariý ýok, emma guramanyň öz maksatlaryna, ýagny hakykatdanam bu ajaýyp sporty ösdürmekde we dolandyrmakda öňe ädim ätmäge ukyply boljagyna umyt baglaýarys” diýdi.

Step Blutter 2-nji iýunda Zurihde özüniň soňky 17 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren wezipesini terk edýändigini yglan edip, FIFA täze ýolbaşçy saýlamak üçin ýörite geňeşiň çagyryljakdygyny aýtdy. 79 ýaşly Blutteriň bu karary ol FIFA-nyň ýolbaşçysy wezipesine dört ýyllyk möhlet bilen bäşinji gezek saýlanandan dört gün soňra yglan edildi.

Orsýetiň sport boýunça ministri Witaliý Mutko 2-nji iýunda eden çykyşynda FIFA-nyň ýolbaşçysy Blutteriň korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň dowamynda wezipesinden çekilmegine Orsýetiň reaksiýasyny mälim etdi.

Mutko “Biz Blutteriň wezipeden gitmegini gazanmak üçin FIFA nähili basyşyň edilýändigini nazara alýarys, onuň prezidentlige saýlanmazlygy üçin öň görlüp-eşidilmedik syýasy täsiriň edilendigini nazara alýarys. Biz şu günki gün şeýle şertlerde prezidentiň çalşylmagynyň örän kyndygyny we mümkin däldigini göz öňünde tutýarys, sebäbi hiç kim muňa taýýar däldi” diýdi.

Mutko Orsýetiň FIFA-nyň prezidentligine dalaşgär hökmünde iordan şazadasy Ali bin al-Husseiniň kandidaturasynyň hödürlenmeginiň Orsýet üçin “garaşylmadyk ýagdaý” bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG