Sepleriň elýeterliligi

Ukraina bäş esgeriň ölendigini aýdýar


Ukraina ýurduň gündogarynda hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapdar separatistleriň arasynda bolan çaknyşyklarda bäş ukrain esgeriniň ölendigini we başga-da 39 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýär.

4-nji iýunda Ýuriý Birýukowyň Facebook sosial ulgamynda çap eden maglumatynda adam ýitgileriniň aglabasynyň Marýinka şäherçesiniň golaýynda bolandygyny mälim etdi. Bu şäherçe pitneçileriň kontrollygyndaky Donetsk regionynyň günbatarynda ýerleşýär.

Kiýewiň berýän maglumatyna görä, separatistler tanklary we artilleriýa oklaryny ulanyp, hökümet pozisiýalaryny ele salmaga synanyşypdyr.

Ukrain harbysy separatistleriň amala aşyran bu hüjümleri Minsk II ylalaşygyna laýyklykda ulanyşdan aýrylan artilleriýa oklaryny gaýtadan ulanmaga mejbur etdi diýýär.

Şol bir wagtyň özünde gündogar Ukrainadaky pitneçiler uruşlaryň amala aşyrylmagynda hökümet güýçlerini aýyplaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, hökümet güýçleriniň eden hüjümlerinde parahat ilatdan we separatist söweşijilerden 15 adam heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG