Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hosni Mubarak gaýtadan sud ediler


Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarak 2011-nji ýylda protestçileriň öldürilmegi bilen baglanyşykly iş boýunça gaýtadan sud ediler.

4-nji iýunda Müsüriň Şikaýat sudy döwlet prokuraturasynyň şikaýatyny kabul etdi. Mundan öň Müsüriň döwlet prokuraturasy suduň 87 ýaşly Mubaraga garşy çykaran kararyny appelýasiýa suduna şikaýat edipdi.

Müsüriň kazysynyň berýän maglumatyna görä, Mubaragyň bu mesele baradaky sud işine 5-nji noýabrda gaýtadan serediler. Bu karar şu iş boýunça üçünji gezek sud diňlenişiginiň geçiriljekdigini aňladýar.

Mubarak 2011-nji ýylyň fewral aýynda bolan protestlerde 800 adamyň öldürilmegi bilen baglanyşykly ilki bada ömürlik türme tussaglygyna höküm edilenden soň, 2014-nji ýylyň noýabr aýynda bolan sud diňlenişiginde aklanypdy.

Şu ýylyň başynda Müsüriň sudy Mubaragy we onuň iki ogluny korrupsiýa aýyplamalary bilen baglanyşykly üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Häzirki wagtda Mubarak Kairdäki harby keselhanada saklanylýar.

XS
SM
MD
LG