Sepleriň elýeterliligi

"Nädip ikisi-de bolmaly" utdy


Ali Smit ýyllyk Akçörek kitap baýragynyň ýeňijisiniň yglan edilemeginiň öň ýanynda, London, 26-njy ýanwar, 2006.

Ali Smit ýyllyk Akçörek kitap baýragynyň ýeňijisiniň yglan edilemeginiň öň ýanynda, London, 26-njy ýanwar, 2006.

Tanymal iňlis ýazyjysy Ali Smit (Ali Smith) özüniň «Nädip ikisi-de bolmaly» (How to Be Both) atly romany üçin 1996-njy ýyldan bäri bütin dünýä boýunça zenan ýazyjylaryň iň kämil çeper eserlerine berilýän ýyllyk baýraga (Baileys Women's Prize for Fiction) mynasyp boldy.

Bu sylagyň 30 müň paund pul sylagy hem bar.

BBC žýuriniň sudýalarynyň şotland ýazyjysynyň eserine «näzik, ajaýyp, ýiti» diýip baha berendiklerini ýazýar.

Bu baýrak ýazyja çarşenbe güni agşam, Londonyň Patyşa festiwaly zalynda guralan dabarada berildi.

Ali Smit dabaradan soň BBC bilen söhbetdeşlikde özüniň bu baýragy utanyna ynanyp bilmeýändigini, sebäbi onuň sanawynyň bütin dünýä boýunça düzülýändigini we bäsleşigiň örän çekeleşikli bolýandygyny aýtdy.

Smitiň kitaby Reýçel Kusk (Rachel Cusk), Sara Woters (Sarah Waters) we An Taýler (Anne Tyler) ýaly ýazyjylaryň eserlerinden üstün çykdy.

Smitiň «Nädip ikisi-de bolmaly» romany ikitaraplaýyn hekaýat görnüşinde ýazylan eser bolup, onuň bir böleginde häzirki günlerde ýaşaýan ýaş gyz, ejesi aradan çykyp, ýas tutýan bolsa, beýleki böleginde 15-nji asyr hudožniginiň, erkek hökmünde terbiýelenen gyzyň durmuşy beýan edilýär.

"How To Be Both" romanynyň jildi

"How To Be Both" romanynyň jildi

Bu kitap bir jildiň içinde iki görnüşde çap edilen we onuň haýsy tarapyndan okanyň hiç hili tapawudy ýok.

«Nädip ikisi-de bolmaly» romany 2014-nji ýylda çap edileli bäri mundan öňem iki baýraga – Kosta Nowel sylagyna we 2014-nji ýylyň Goldsmit baýragyna mynasyp boldy.

Şeýle-de bu eser 2014-nji ýylyň Man Buker baýragyna, 2015-nji ýylyň Folio baýragyna hödürlendi.

Günbatar metbugatynyň materiallary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG