Sepleriň elýeterliligi

Gana: Partlamada onlarça adm öldi


Gananyň häkimiýetleri ýurduň paýtagtyndaky benzin stansiýasynda bolan partlamada azyndan 73 adamyň ölendigini habar berýärler.

Bu partlama 3-nji iýun gijesi Afrikanyň günbatarynda ýerleşýän ýurduň Akra şäherinde boldy.

Maglumatlara görä, bu wakada pida bolanlaryň aglabasy güýçli ýagan ýagyşdan bukulmak üçin benzin stansiýasyna baran ýaşaýjylardan ybaratdyr.

Gananyň ýangyn söndüriji gullugynyň metbugat wekili Billy Anaglateniň beren maglumatyna görä, 4-nji iýunda bu gullugyň işgärleri wakanyň bolan ýerinden jesetleri çykarmagy dowam etdirýärler.

Anaglate bu partlamanyň döremegine benzin stansiýasynyň golaýyndaky ýük maşyn terminalynda dörän ýangynyň ýaýramagynyň sebäp bolandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG