Sepleriň elýeterliligi

Gökdere hemme çaga üçin däl


Gökderede dynç almak üçin ýollamalaryň bahasy 620 manatdan başlanýar.

Gökderede dynç almak üçin ýollamalaryň bahasy 620 manatdan başlanýar.

Şu hepdäniň başyndan ýurtda mekdep okuwçylaryna niýetlenen sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsümi başlandy. Paýtagtyň golaýyndaky Gökderede hem şeýle sagaldyş merkezleriniň ençemesi bar.

Has takygy bu ýerde 14 sany sagaldyş merkezleri bar we olarda bir tapgyrda 7000-den gowrak çagalar we ýetginjekler dynç alyp bilýärler. Tomus kanikuly döwründe her tapgyry 20 gün dowam edýän üç tapgyrlyk dynç alyş möwsüminde Gökderede jemi 21 müň çaga dynç alyp bilýär.

Gökderedäki sagaldyş merkezlerinde çagalaryň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Bu sagaldyş merkezlerinde çagalar dört-bäş wagtyna naharlanýarlar. Olar oňaýly gurlan otaglarda ýaşaýarlar. Bu merkezlerdäki basseýnler hem olaryň hyzmatlarynda.

Nyrh

Umuman, bu ýerde çagalaryň dynç almaklary üçin ähli amatly şertler bar. Emma bu ýerde dynç almak her bir çaga ýetdirmeýär. Öz çagalarynyň bu ýerde dynç almagy üçin ýollama satyn almak käbir ene-atalara asla elýeter bolmasa, käbir ene-atalar olary asla tapyp bilmeýärler.

Gökderede dynç almak üçin ýollamalaryň bahasy 620 manatdan başlanýar. Ondan hem gymmat bolup bilýär. Bahalary, esasan, sagaldyş merkezleri goýýarlar. Ortaça aýlyk haklary 1000 manat töweregi bolan ýaşaýjylar üçin bu baha o diýen elýeterli diýlip hasaplanmaýar.

Emma sagaldyş merkezinde dynç alýan çaga şol merkeziň degişli bolan döwlet edarasynyň işgäriniň çagasy bolsa, onda maşgala üçin ýollamanyň bahasy 50% töweregi arzan bolýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ýerdäki sagaldyş merkezleriniň ählisi ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň eýeçiliginde. Ýollamalaryň hem, esasan, şol edaralaryň işgärlerine paýlanýandygy aýdylýar. Şeýle-de, ýollamalar profsoýuzlaryň üsti bilen beýleki döwlet edaralaryna hem paýlanýar. Beýle ýollamalaryň sany örän çäkli bolýar.

Paýtagtdaky tekstil kärhanasynda işleýän Arzynyň aýtmagyna görä, onuň işleýän edarasyna şu ilkinji tapgyrda 15 sany ýollama berlipdir. Arzy bu ýollamalaryň ählisiniň diýen ýaly tanyş-bilişlik boýunça paýlanandygyny aýdýar.

Mundan öň paýtagtyň Baş bilim müdirliginde hem sagaldyş merkezlerine ýollamalar satylýardy. Bu ýerde döwlet edarasynda işlemeýän ene-atalara öz çagalary üçin şeýle ýollamalary satyn almaga mümkinçilik bardy. Emma bu müdirlikde şu ýyl sagaldyş merkezlerine dynç almaga agzalýan ýollamalaryň satylmaýandygyny habar berdiler.

Şol sebäpden häzirki wagtda ýurtdaky sagaldyş merkezlerine ýollamalary, esasan, döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlyň çagalary alyp bilýärler.

Resmi maglumatlara görä, şu ýylky tomus möwsüminde Gökderedäki, Awazadaky we welaýatlardaky sagaldyş merkezlerinde jemi 35 müňe golaý çaga dynç alar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG