Sepleriň elýeterliligi

Putin Watikana sapar edýär


Watikan Rim papasy Fransisiň öňümizdäki hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini kabul etjekdigini mälim etdi.

Fransis we Putin 10-njy iýunda Watikanda duşuşarlar.

Bu Ukrainadaky krizis başlany bäri, Putiniň Watikana etjek ilkinji saparydyr.

Russiýanyň prezidenti Watikana 2013-nji ýylyň noýabr aýynda sapar edipdi. Ol bu saparyny, 2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmezden we gündogar Ukrainadaky krizis sebäpli Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşmazdan öň, amala aşyrypdy.

XS
SM
MD
LG