Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul 'arzan, emma howply' ýaraglylara bil baglaýar diýilýär


Owganystan 30 müň çemesi söweşijiden ybarat “arzan, emma howply” milli ýaraglylara gitdigiçe has köp bil baglaýar diýip, halkara derňew merkezi habar berýär.

4-nji iýunda Halkara krizis toparynyň beren maglumatynda jemgyýeti goramak üçin berkidilen şol ýaraglylaryň käbirleriniň çynlakaý düzgün bozulmalary amala ayrandygyny aýdýar.

Şeýle-de, bu topar Owgan ýerli polisiýasy diýlip tanalýan hökümete tarapdar ýaraglylaryň parahat ilatdan ýaşaýjylary öldürendigini we bidüzgünçilikleri, ogurlyklary, jynsy zorlamalary, alnyp gaçylmalary we neşe gaçakçylygyny amala aşyrandygyny belleýär.

Owgan ýerli polisiýasy Birleşen Ştatlaryň tagallasy bilen, ýurduň çetki nokatlaryndaky ilaty “Talybana” garşy mobilizlemek maksady bilen döredilipdi.

XS
SM
MD
LG