Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko "uly howpy" duýdurýar


Prezident Petro Poroşenko parlamentde çykyş edýär. Kiýew, 40-nji iýun, 2015.
Prezident Petro Poroşenko parlamentde çykyş edýär. Kiýew, 40-nji iýun, 2015.

Ukrainanyň prezidenti ýurduň gündogarynda giň möçberli söweşiň gaýtadan başlanmagynyň «uly howpy» bar diýdi we harbylaryň Ukrainanyň Orsýet bilen serhedinden goşun girizilmegine garşy durmaga taýýar bolmalydygyny aýtdy.

Petro Poroşenko bu sözleri 4-nji iýunda, parlamentdäki ýyllyk ýüzlenmesi mahalynda, hökümet goşunlary bilen gündogar Ukrainadaky separatist güýçleriň arasynda soňky aýlarda bolan iň agyr söweşden bir gün soň aýtdy.

Poroşenko häzirki wagtda Ukrainada 9 müňden gowrak rus esgeriniň bardygyny, şu sebäpden ukrain goşunlarynyň Orsýet bilen serhediň ähli ýerinden doly güýjünde goşun salynmak ähtimallygyna taýýar bolmalydygyny aýtdy.

Söweşde 5 esger öldürildi

Ukrain prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Birýukow biraz öň 3-nji iýunda separatist güýçler bilen bolan söweşde azyndan bäş ukrain esgeriniň öldürilendigini, 39-synyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Pidalar baradaky habarlaryň köpüsi Marinka şäherinden, pitneçileriň mesgeni bolan Donetsk şäheriniň günbataryndan gelipdir.

Ýewropa Bileleşigi täze çaknyşyklaryň «Minsk II» ýaraşygynyň iň uly bozulmasy bolandygyny we onuň tutluşyklaryň täze tapgyryna alyp gelip biljegini aýtdy.

Kiýew separatistleriň 3-nji iýunda tanklary we toplary ulanyp hüjüm edendigini, fewralda halkara araçylygynda baglaşylan ylalaşygy bozup, hökümet pozisiýalaryny almaga synanyşandygyny aýtdy.

Pitneçiler bu söweşde hökümet goşunlaryny günälediler we hökümet güýçleriniň topa tutmalary netijesinde asuda ilatdan we separatist söweşijilerden 15 adamyň ölendigini aýtdylar.

Ýaraşyga howp abanýar

Ukrain harbylary separatistleriň hüjüminiň özlerini fewral ylalaşygynda yza çekilen toplary gaýtadan ulanmaga mejbur edendigini aýtdylar. «Minsk II» ady bilen hem bilinýän ylalaşykda Donetsk we Luhansk regionlarynda hökümet kontrollugyndaky territoriýa bilen separatist eýeçiligindäki ýerleriň arasynda harbylaşdyrylmadyk zona döretmek üçin agyr ýaraglar yza çekilmeli edilipdi.

Harbylaryň aýtmaklaryna görä, Ukraina 3-nji iýunda «halkara partnýorlaryna» öz agyr ýaraglaryny gaýtadan yzyna ýerleşdirýändigini, munuň separatistleriň 1 müň söweşiji, tanklar, minomýotlar we toplar bilen edýän hüjümini yzyna serpikdirmek üçin zerurdygyny duýdurypdyr.

Minskde baglaşylan ylalaşyk söweşi kiparladan, emma togtadyp bilmedik yrga ýaraşygyň esasyny goýupdy.

3-nji iýundaky söweş «Minsk II» ylalaşygynyň tutuşlygyna puja çykmagy baradaky gorky-howatyry güýçlendirdi, emma 4-nji iýunyň günortanyna çenli uly bir tutluşyk, duşmançylyk habarlary çykmady.

Bu konflikt gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 6400-den gowrak esgeri we asuda adamy öldürdi hem-de Orsýet bilen Günbataryň Moskwanyň 2014-nji ýylyň martynda Krym ýarymadasyny ele geçireli bäri juda dartgynlaşan gatnaşyklaryny has-da ýaramazlaşdyrdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 4-nji iýunda Ukrainany günäledi, ýagny Kiýew Ýewropa Bileleşigine Orsýete garşy sanksiýalaryň möhletini uzaltmaklary üçin basyş görkezip, täze söweşlere meçew berdi diýdi. ÝB bu meselä şu aýda seretmeli edipdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem şol gün Minsk şertnamasynyň Kiýew häkimiýetleriniň günäsi bilen yzygiderli howp astyna düşýändigini aýtdy.

Kiýew, NATO we günbatar hökümetleri Orsýeti konfliktdäki separatistlere ýarag, adam we tälim bermekde aýyplaýar.

Moskwa bu aýyplamalary, subutnamalaryň barha köpelýändigine garamazdan, gaýta-gaýta ret edýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG