Sepleriň elýeterliligi

Ismaýilowanyň tussag edilenine alty aý boldy


Azerbaýjanly žurnalist Hatyja Ismaýilowanyň agyr aýyplamalar bilen aýyplanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilenine 5-nji iýunda alty aý boldy. Oňa ýöňkelen bu aýyplamalar syýasy maksatly diýlip, halkara derejesinde ýazgaryldy.

Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy bilen işleşýän Ismaýilowa özüniň derňew raportlary esasynda Azerbaýjanyň hökümet resmileriniň arasynda bolan korrupsiýanyň üstüni açypdy. Ol 2014-nji ýylyň 5-nji dekabrynda tussag edilip, ilki bada bir adamy öz janyna kast etmäge öjükdirmekde aýyplanypdy.

Soňra bu aýyplamalary ýöňkän adam öz şikaýatyny yza çekmäge synanyşdy, emma prokurorlar bu talabyň jogaby barada köpçülige maglumat bermediler.

Ismaýilowa özüne garşy ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG