Sepleriň elýeterliligi

Owganlar “Talyban” bilen “resmi däl” gepleşikleri geçirýär


Owgan syýasatçylarynyň bir topary we raýat jemgyýetiniň agzalary Norwegiýada “Talyban” hereketiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýärler.

5-nji iýunda Zabihullah Mujahidiň email arkaly metbugat serişdelerine ugradan maglumatynda geçirilýän gepleşikleriň resmi däldigini we munuň “parahatçylyk gepleşikleri” diýlip häsiýetlendirilip bolmajakdygyny mälim etdi.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda “Biz bu hökümet derejesinde bolmadyk gepleşiklere gowy baha berýäris. Emma olar Owganystanyň hökümetine wekilçilik etmeýärler” diýilýär.

Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna email arkaly beren maglumatynda gepleşiklere gatnaşýanlaryň öz şahsy mümkinçiligi esasynda “resmi bolmadyk gepleşikleri” geçirýändigini we öz garaýyşlaryny beýan edýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG