Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan işçileriniň maglumatlary ogurlandy


Düýbi Hytaýda ýerleşýän internet hakerleri Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň kompýuter ulgamlaryny döwüp, azyndan 4 million federal işgäriň şahsy maglumatlaryny ogurlamakda şübhelenilýär diýip, Birleşen Ştatlaryň resmileri habar berýärler.

4-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Içerki howpsuzlyk boýunça departamenti bu ýagdaýyň öňki we häzirki işgärlere täsir ýetirendigini mälim etdi.

Bu departamentiň maglumatynda “FBI, ýagny Federal derňew býurosy bu ýagdaýyň nähili we nädip amala aşyrylandygyny anyklamak üçin derňewleri geçirýär” diýilýär.

Birleşen Ştatlaryň resmileriniň berýän maglumatyna görä, resmiler bu çäräni amala aşyran internet hakerleriniň hytaýlydygyna ynanýarlar. Hytaýyň Daşary işler ministrligi şeýle aýyplamalary “jogapkärçiliksiz” diýip gaýtawul berdi.

XS
SM
MD
LG