Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: Krymy yzyna almak üçin ähli zady ederis


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko Ukraina “Krymda öz kontrollygyny gaýtadan dikeltmek üçin ähli zady eder” diýdi.

5-nji iýunda habarçylara beren maglumatynda Poroşenko “Biz Krymy Ukraina yzyna gaýtaryp almak üçin her gün we her pursat ähli zady ederis” diýdi.

Şeýle-de, Poroşenko 2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglanyşykly Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň saklanyp galmagy dogrusynda halkara hyzmatdaşlary bilen işleşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Poroşenko Russiýanyň Ukraina goşulyşmak howpunyň “çak edip bolardan gaty ýokarydygyny” nygtady.

XS
SM
MD
LG