Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumynýa: Ponta garşy iş gozgaldy


Rumynýanyň prokurorlary ýurduň premýer-ministri Wiktor-Wiorel Ponta garşy jenaýat işini gozgadylar. Prokurorlar Pontanyň galplyk, hapa pullary ýuwmak, bähbitleriň çaknyşygy we salgyt galplygy ýaly aýyplamalarda şübhelenilýändigini aýtdylar.

Rumynýanyň prezidenti Klaus Iohannis Pontanyň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş etdi.

5-nji iýunda Rumynýanyň Korrupsiýa garşy göreş boýunça Milli edarasynyň ýaýradan beýanatynda Pontanyň öz ýakyn ýaranynyň hukuk goraýjy kompaniýasyndan 63 müň ýewro, ýagny 72 müň amerikan dollary möçberinde pul serişdesini almakda aýyplanýandygy habar berilýär.

Şeýle-de, beýanatda Pontanyň bu puly Buharestde gymmatbaha jaýlary almak üçin ulanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG