Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwarseneggeriň täze filmi surata düşürilýär


Aradan 33 ýyl geçensoň meşhur amerikan aktýory Arnold Şwarsenegger (Arnold Schwarzenegger) “Barbar Konan” (Barbar Conan) atly filmiň dowamy boljak filmde baş keşbi ýerine ýetirer.

Bu film şu ýylyň güýz paslynda surata düşürilip başlanar. Şwarsenegger bu filmde Konanyň keşbini ýerine ýetirýär.

Täze filmde Konan indi ýaş bolmaz, emma 30 ýylyň dowamynda onuň güýç-kuwwatyna paýhaslylyk hem goşulýar.

“Konan baradaky rowaýat” atly täze filmde 68 ýaşly Şwarsenegger bilen birlikde “Barbar Konan” filminde oýnan birnäçe başga aktýor hem surata düşer.

Sportuň “Bodybuilding” ugry boýunça dünýä çempiony Şwarseneggeriň Goliwudyň ýydyzyna öwrülmeginde 1982-nji ýylda çykan “Barbar Konan” filminiň uly roly bar.

Şu ýyl Şwarsenegger “Terminator” filminiň hem dowamynda baş keşbi ýerine ýetirdi.

XS
SM
MD
LG