Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Instagram"-a täze funksiýalar goşulýar


Facebook kompaniýasynyň surat paýlaşmak üçin niýetlenen - “Instagram” ulgamy täze reklama, ýagny mahabat modelini, nusgasyny taýýarlaýar.

Bu barada “Biznes üçin Instagram” blogunda habar berilýär.

Maglumata görä, ýakyn wagtlarda “Instagram” ulgamyna “satyn al”, “ýükle” we “agza bol” düwmeleri goşular.

Bu täze hyzmatyň esasynda ulanyjylar öz harytlaryny gönüden-göni “Instagram” ulgamynda satyp bilerler.

Şeýle-de, öz gezeginde alyjylar hem, satylýan haryt barada jikme-jik maglumat alyp bilerler.

Facebookdaky ýaly “Instagram” ulgamyndaky reklamalar hem ulanyjylaryň ýaşyna, jynsyna, gyzyklanmalaryna we ýaşaýan ýurduna görä köpçülige hödürlener. Bu hem harydyň potensial müşderä gönükdirilmegine mümkinçilik döreder.

XS
SM
MD
LG