Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: Ukraina Krymy gaýdyp alar


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko metbugat-konferensiýasynda, Kiýew, 5-nji iýun, 2015.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko metbugat-konferensiýasynda, Kiýew, 5-nji iýun, 2015.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukraina “Kryma gözegçiligini dikeltmek üçin elinden gelenini eder” diýdi. 5-nji iýunda Kiýewde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Poroşenko “Biz Krymy Ukraina gaýdyp getirmek üçin her gün we her bir pursatda ähli zady etmeli” diýdi.

Poroşenko Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegi bilen baglylykda Moskwa garşy girizilen sanksiýalary güýçlendirmek üçin halkara partnýorlary bilen işleşmegini dowam etdirmegi wada berdi.

Poroşenko “Orsýetiň dünýäniň Ukraina tarapdar koalisiýasyny bölmegine mümkinçilik bermezlik möhüm” diýip nygtady.

“Öň görlüp-eşidilmedik" howp

Poroşenko bu çykyşyny 7-8-nji iýunda senagat ugrundan ösen “Uly 7”-lik guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda etdi. Kiýew sammitde Orsýetiň Ukrainanyň içki işlerine goşulmagy meselesine seredilmegine we ÝB-niň şu aýyň aýagynda boljak maslahatynda Orsýete garşy sanksiýalary ýylyň aýagyna çenli saklamak kararyna gelinmegine umyt baglaýar.

Poroşenko orsýetçi sepratistleriň gozelçiligindäki regionlar bilen serhede golaý ýerde Orsýetiň harbylarynyň jemlenmegi barada berilýän habarlar boýunça eden çykyşynda, Orsýetiň Ukraina goşun salmak howpunyň “öň görlüp-eşidilmedik derejede” güýçlüdigini aýtdy.

"Biziň serhedimiziň golaýynda geçen ýylyň awgust aýyndan bäri goşunlaryň şeýle uly sany jemlenmändi, [Orsýetiň] şeýle köp sanly harbyny şol ýerde saklamagynyň çynlakaý bir sebäbi bolmalydyr” diýip, Poroşenko bu ugurdan öz pikirini aýan etdi.

Ukrainanyň prezidenti 4-nji iýunda parlamentde eden ýyllyk çykyşynda ýurduň gündogarynda giň tutumly söweşleriň tutaşmagynyň “ägirt uly howpunyň” bardygyny aýtdy. Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda alnyp barylýan söweşler zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 6400-den gowrak adam wepat boldy.

Özara aýyplama

Poroşenkonyň ýyllyk çykyşyndan bir gün öň Ukrainanyň resmileri we Orsýet tarapyndan goldanýan separatistler ok atyşygy bes etmek barada Germaniýanyň we Fransiýanyň araçylygynda fewral aýynda ylalaşyga gelneli bäri gündogar Ukrainada bolan iň güýçli söweşlere sebäpkär bolmakda bir-birini aýypladylar.

Pitneçileriň gözegçiligindäki regionyň paýtagty Donetskden günbatardaky Maryinka şäherçesinde bolan çaknyşyklar barada eden çykyşynda Poroşenko bu giňişligiň “ýykgynçylardan doly arassalanandygyny” aýtdy.

Poroşenko söweşlerde bäş ukrain esgeriniň wepat bolandygyny aýtdy we garşy tarapdan 80 adamynyň öldürilendigini hem 12 adamyň, şol sanda orsýet raýatlarynyň ele salnandygyny aýtdy.

Kiýewiň we NATO-nyň Orsýetiň gündogar Ukrainadaky konflikte gös-göni goşulyşýandygyna subutnamalaryň köpelýändigini aýtmaklaryna garamazdan, Moskwa gündogar Ukraina esger ýa ýarag iberýändigini inkär edýär.

3-nji iýunda Maryinka şäherçesiniň golaýynda ukrain pozisiýasyna garşy hüjüme separatistleriň 500 we 1000 aralygyndakysynyň gatnaşandygy habar berildi. Gozgalaňçylar öz gezeginde şol söweşler bilen baglylykda Kiýewi aýypladylar.

Poroşenko tiz wagtda Ukrainada “BMG-niň goldaw edarasynyň” açyljakdygyny aýtdy we muny “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň parahatçylygy döredijileriniň ýurduň gündogarynda bolmagyna tarap ilkinji ädim” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG