Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Saraýewoda


Rim papasy Fransis Saraýewo bardy. 6-nji iýun, 2015 ý.
Rim papasy Fransis Saraýewo bardy. 6-nji iýun, 2015 ý.

Rim papasy Fransis bir günlük sapar bilen Saraýewo bardy. Bu saparyň netijesinde Bosniýanyň serb, horwat we musulman jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da gowulandyrmak maksat edinilýär.

Rim papasynyň häzirki sapary 1992-95-nji ýyllar aralygyndaky urşuň tamamlanmagynyň 20-ni ýylyna gabat geldi.

Özüniň 10 sagatlyk saparynyň dowamynda Rim papasy Fransis 65 müň töweregi adamyň öňünde wagyz-ündew eder.

Uruş sebäpli Bosniýanyň aglaba katolik horwatlarynyň üçden bir bölegi ýurdy terk edipdi. Ýurduň 3.8 million ilaty hem Bosniýa Serb Respublikasy we Horwat-Musulman Federasiýasyna bölündi.

Argentinaly pantifigiň saparyna gabatlap howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

5-nji iýunda “Yslam döwleti” toparyna degişlidigini aýdýan yslamçylar wideo arkaly çykyş edip, Balkan döwletlerinde hem jyhada başlamaga çagyryş etdiler.

XS
SM
MD
LG