Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” Ýamgana hüjüm etdi


Söweşijiler şenbe güni ir bilen Ýamgan etrabyna hüjüme başlapdyrlar.

Söweşijiler şenbe güni ir bilen Ýamgan etrabyna hüjüme başlapdyrlar.

Owganystanda “Talyban” hereketiniň ýüzlerçe söweşijisi ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Badagşan welaýatyna hüjüm etdi. Bu barada ýerli resmiler maglumat berýärler.

Badagşan welaýatynyň polisiýa başlygynyň orunbasary Sakhi Dad Haidariniň sözlerine görä, söweşijiler şenbe güni ir bilen Ýamgan etrabyna hüjüme başlapdyrlar.

Haidari söweşijilere gaýtawul bermek üçin howadan hemaýatyň gerek boljakdygyny aýtdy.

Welaýatyň polisiýa edarasynyň metbugat wekili Lal Mohammad Ahmadzai jeňçileriň etrap häkimiýetiniň edarasyna aralaşandygyny, şeýle-de çaknyşyklaryň barha ýygjamlaşýandygyny maglumat berýär.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG