Sepleriň elýeterliligi

Baku ÝHHG-niň edarasyny ýapýar


ÝHHG

ÝHHG

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) berýän maglumatyna görä, Azerbaýjan ÝHHG-niň Bakuwdaky edarasynyň işini togtatmagy üçin bir aý möhlet wagt beripdir.

ÝHHG Baku özüniň bu netijesi boýunça hiç hili düşündiriş bermändigini aýdýar.
ÝHHG-niň metbugat wekili Şiw Şarma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu baradaky talabyň şu hepdäniň başynda edilendigini aýtdy.

Bakuwyň bu ädimi Günbatar resmileriniň we adam hukuklaryny goraýan toparlaryň Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny ýiti tankytlamagyna gabat geldi.

Adam hukuklaryny goraýan toparlaryň berýän maglumatyna görä, Ylham Alyýew 2013-nji ýylda üçünji möhlete prezident saýlanandan soň, ýurtda oppozisiýa wekillerine edilýän basyşyň gerimi artdyrylypdyr.

Düýbi Wenada ýerleşýän ÝHHG hem bu meseläni ýiti gozgan guramalaryň biridi.

Azerbaýjan Günbatar tankytçylarynyň adam hukuklary baradaky belliklerini ret edip gelýär.

XS
SM
MD
LG