Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Sarnaýewiň dostlaryna ýyl kesildi


Azamat Tažýakow ejesi bilen.
Azamat Tažýakow ejesi bilen.

Boston marafon partladyjysy Jokar Sarnaýewiň iki dosty – delilleri ýaşyrmaga hemaýat bermekde aýyplanyp – türme tussaglygyna höküm edildi.

Gazagystandan ABŞ okamaga gelen Azamat Tažýakowa 3,5 ýyl berildi. Ol polisiýa gözleg geçirmezinden ozal, Sarnaýewiň rýugzagyny otagdan çykarmaga hemaýat beripdi. Rýugzakda partladyjyny ýasamakda ulanylan feýwerkeleriň bolandygy aýdylýar.

Tažýakow suduň zalynda aglap, Bostonyň ilatyndan we öz maşgalasyndan eden hereketleri üçin ötünç sorady. Şeýle-de ol Jokar Sarnaýewiň we onuň dogany – Tamerlanyň amala aşyran bomba hüjümini ýazgardy.

Sarnaýewiň beýleki bir dosy Robel Filliposa 3 ýyl tussaglyk berildi. Ol 2013-nji ýyldaky Boston hüjümlerinden soň Sarnaýewiň otagynda bolmandygy barada Derňewler boýunça Federal býuro ýalan maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG