Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fergana bazarlarynda hyjap gadagan edilýär


Hyjap
Hyjap

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habar bermegine görä, Özbegistanyň hökümeti Fergana jülgesindäki bazarlarda we metjitlerde käbir täze düzgünleri ýola goýýar.

Soňky wagtlarda Özbegistanda bolup geçýän ýagdaýlaryň dogrudygyny tassyklajak çeşmeleri tapmak barha kynlaşýar. Ýurduň häkimiýetleri özleri barada halkara derejesinde aýdylýan tankydy çykyşlary eşitmek islemeýärler we şonuň üçinem habarlaryň ýurduň daşyna çykmazlygy hem beýleki ýurtlarda bilinmezligi üçin berk senzura syýasatyny ýöredýärler.

Şol sebäpden, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýanlar hökümet tarapyndan abanyp biläýjek howpdan howatyrlanyp, hemişe diýen ýaly öz atlaryny bermekden saklanýarlar.

Aprel aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Kokand bilen Margilanda "Hüjüm" atly täze kampaniýanyň başladylandygyny we bu ýerde resmi geýnüwli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň bazarlara aýlanyp, zenanlaryň ýaglyklaryny aýyrmagyny talap edendiklerini habar berdi. Özbek gullugynyň anyklamagyna görä, Kokand bilen Margilanyň käbir bazarlarynda täze dress-kod ýola goýlupdyr. Ýerli häkimýetler bazarlaryň derwezesinde zenanlaryň "arap, Eýran, türk ýa-da Pakistan stilinde" hyjap bürenmezligi babatda bildirişler asypdyrlar.

Täze düzgün diňe bir zenanlaryň ýaglygyny däl, eýsem erkek adamlaryň kellesine geýýän tahýalaryny-da öz içine alypdyr. Täze düzgünde erkek adamlaryň "dopby" diýip atlandyrylýan adaty ak reňkli özbek we täjik tahýasyny (topbusyny) geýmek-de gadagan edilipdir. Häzirki wagtda erkek adamlar diňe gara reňkli tahýa geýseler, onda zat diýilmeýär.

Sebäbine düşünmek gaty kyn

Köpsanly dindarlardan Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gelip gowşan hatlarda, Namanganda 20-ä golaý metjitde Gurhandan aýatlar ýazylan bannerleri aýyrmak buýrulypdyr. Margilanly bir ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, onuň gatnaýän metjidiniň diwarlaryndaky "Kelläňe zat geýip eden ybadatyň 70 ybadatdanam has sogaply", "Ýüregimi ybadata gönükdir" ýaly şygarlar sypyrlyp aýrylypdyr.

Margilanly ýene bir dindaryň habar bermegine görä, şäherdäki käbir metjitleriň aýat ýazylan elektron tablolarynyň hemmesi öçürilipdir. Bir metjidiň dini işgäriniň tassyklamagyna görä, Daşkentden gelen ýörite barlag toparynyň buýrugy bilen ähli elektron hatly enjamlar hem Gurhandan aýatlar ýazylan bannerleri aýrylypdyr. Dindarlaryň biri şeýle buýrugy Fergana welaýatynyň ymam hatybynyň berendigini aýdýar. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy ymam hatyp Tursuntohirom Erbutaýew bilen habarlaşypdyr we şonda ymam aýdylýanlaryň hiç birini tassyklaman: ”Metjitlerden hiç zady aýyrmadylar. Kimde-kim şeýle zat diýýän bolsa, ol ýalan aýdýandyr” diýipdir.

"Hanakoh" metjidiniň ymamy Ubaýdulla Abdullaýew 24-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň taýýarlan materialynda döwlete degişli ”12news.uz” atly internet sahypasynda çap edilen çykyşyndan nägilelik bildiripdir. Ol çykyşynda "dindarlar Fergana welaýatyndaky ýagdaýdan we metjitlerde döredilen mümkinçiliklerden örän hoşal. Pitneçiler metbugatyň üsti bilen halkyň arasynda nägilelik döredip, jemgyýetiň asuda durmuşyny bozmak isleýärler" diýipdir.

Margilanyň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren gürrüňlerinde, resmileriň gören çäreleriniň Fergana welaýatyndaky käbir metjitlere täsir ýetirmändigine aýratyn ünsi çekip, görülýän çäreleriň sebäbine düşünmegiň gaty kyndygyny belläpdirler.

Metjidiň işgärleriniň biri, ilatyň "Yslam döwleti" jeňçiler topary bilen gyzyklanmagyny azaltmak maksady bilen metjitlerdäki elektron ýazgyly enjamlaryň we bannerleriň aýrylandygyny aýdýar. Ýöne ol bu iki zadyň arasynda nähili baglanyşygyň bardygyny düşündirip bilmändir.

Özbegistanyň Ministrler komitetiniň din boýunça geňeşiniň başlygy şyh Abdulaziz Mansur, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna Margilanyň metjitlerindäki ýüz beren ýagdaýy anyklajakdygyny söz beripdir, ýöne anyk hiç zat aýtmandyr.

XS
SM
MD
LG