Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýa “agasyny” çalyşýarmy?


Merkezi Aziýa
Merkezi Aziýa

Häzirki gün, Hytaý türkmen gazynyň esasy hyrydarlarynyň biri bolup dur. Eýýäm, ençeme milliard kub metr möçberindäki gaz Türkmenistandan Hytaýa akdyryldy. Hytaý diňe Türkmenistan bilen çäklenmän, eýse ol Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň hem esasy hyzmatdaşy bolmagyna galýar.

Bu hyzmatdaşlyk häzirki pursat aglaba ykdysady häsiýete eýe bolsa-da, onuň nähili özgerjekdigini etnek görmeli bolar.

Eýse, Orsýetiň täsiri güýçli bolan regionynda Hytaýyň artyp barýan täsiri mundan beýläk haysy ugur boýunça özgerer?; munuň sebit üçin nähili netijeleri bolar?; has takygy, sebit agasyny çalyşýarmy? diýilen ýaly soraglary döredýär.

Bu soraglara jogap tapmak üçin geçirlen nobatdaky Mejlis atly ýörite gepleşigiň myhmanlary:

Reýd Standiş (Reid Standish) düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Foreign policy” neşiriniň žurnalisti,

Bruys Paniýer (Bruce Pannier) Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça žurnalisti,

Galym Bukaş (Galym Bukash) Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň redaktory,

Bradly Jamez Jardin (Bradley James Jardin) Şotlandiýadaky Glasgow Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Merkezi Aziýa “agasyny” çalyşýarmy?
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG