Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karter "täze ädimlere" çagyrýar


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter
ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter

“ABŞ Ukrainadaky konflikt babatynda täze ädimleri ätmeli, sebäbi ykdysady we Günbataryň beýleki sanksiýalary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ugruny üýtgedip bilmedi” diýip, ABŞ-nyň Goranmak sekretary Aş Karter çykyş etdi.

Karter bu barada Germaniýanyň Ştuttgard şäherinde ABŞ diplomatlary we harby ofiserleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi. Karter soňky hepdäniň dowamynda Ukrainanyň gündogarynda bolan çaknyşyklaryň netijesinde Pentagonyň “başga-da zatlaryň ýüze çykmagy” dogrusynda aladalanýandygyny aýtdy.

Karteriň bu çykyşyndan öň, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Moskwanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistlere täze ýaraglary, şol sanda artilleriýany we howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny ýollandygyny aýtdy.

Karter öz çykyşynda “Sanksiýalar rus ykdysadyýetine täsir ýetirýär. Bularyň netijesinde adaty rus raýatlaryna ýaramaz täsir ýetýär” diýip, belledi.

Ol sözüni dowam etdirip “Şol bir wagtda ykdysady kynçylyklar Putiniň geçen ýyl Krymy basyp alandan soňky saýlan ýoluny üýtgetmedige meňzeýär” diýdi.

Karter soňy bilen bu NATO-nyň öz strategiýasyna täzeden göz aýlamalydygyny aňladýar diýdi.

Karter: “Bu mesele dogrusynda biziň başga zatlary etmegimiz gerek... Putin öz pälinden gaýtmajaga meňzeýär” diýip, belledi.

ABŞ resmileriň Ştuttgarda bolan maslahatyň dowamynda anyk netijeleriň kabul edilmändigini aýdyp, şol bir wagtda ABŞ we NATO harby türgenleşikleriniň sanyny artdyrmak barada ylalaşylandygyny mälim etdiler.

ABŞ we beýlekiler Putin şol bir strategiýalary ulanyp, sebitiň beýleki regionlaryna girmeginden howatyrlanýarlar.

Kartel öz ýaranlaryna we hyzmatdaşlaryna goranmak pudagyna goýberilýän çykdajylary artdyrmaga we harby türgenleşikleri geçirmäge çagyrdy.

Geçen ýyl Waşington Russiýany Sowuk urşy döwri gelnen ýarag çäklendirmesi baradaky Ylalaşygy bozmakda aýyplady.

Karter şu ýylyň başynda çykyş edip, ýarag çäklendirmesi baradaky Ylalaşygyň "iki taraplydygyny", eger-de Russiýa ondan dänse, Waşingtonyň hem bu ugurda özbaşdak hereket edip biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG