Sepleriň elýeterliligi

“Ýüpek Ýolundan Gaz Ýoluna”


Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gazgeçiriji.

Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gazgeçiriji.

Harward Uniwersitetiniň talyplary Hytaý-Türkmen gaz turbasy, şol turbanyň geçýän obalary we onuň halkyň durmuşyna, medeniýetine we obalaryň ekalogiýasyna ýetirýän täsirleri barada ýörite dokumental film taýýarlaýarlar.

“Kickstarter Project” atly bu proýekt “Ýüpek ýolundan, gaz ýoluna” diýilip atlandyrylýar, bu tagallanyň çäginde proýektiň guramaçylary şol obalara saýýahat ederler, adamlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň pikirleri bilen tanyşarlar.

Şu ýylyň tomusynda başlap, ençeme aý dowam etmegine garaşylýan bu proýektiň netijesinde, taýayarlanan dokumental filmiň, şol proýekt we onuň netijeleri barada diskussiýalaryň geçirilmegine itergi bermegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir, proýektiň guramaçylaryndan Harvard Uniwersitetiniň talyby Benny Şaffer (Benny Şaffer) bilen söhbetdeş bolup, alyp barýan işleri hakda jikme-jik gürrüň etdi.

Azaltyk Radiosy: Bu proýekt sizi näme bilen özüne çekdi? Näme sebäpden muňa girişmäge karar berdiňiz?

Benny Şaffer: Bu proýekt Pekin Uniwersiteti bilen Harward Uniwersitetiniň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlygyň çäginde özümiň egideş professorlarym bilen geçirilen gürrüňdeşlikleriň çäginde döredi.

Biz uly bir proýekt barada kelle döwýärdik. Biz halkara energiýa geçirijileriniň onuň ugry boýunça ýaşaýan jemgyýetlere ýetirýän täsirini öwrenmek isleýärdik.

Azatlyk Radiosy: Siz bu proýektiňizi nähili durmuşa geçirmekçi?

Benny Şaffer: Biz proýekte teoretiki we praktiki nukdaýnazarlaryndan çemeleşýäris. Biz energiýa-geçirijiniň ugryny yzarlap, syýahat ederis.

Biz eýýäm degişli uniwersitetleriň we jemgyýetleriň wekilleri bilen habarlaşdyk. Olar bizi garşy alyp, degişli maglumatlary tapmaga hemaýat ederler.

Proýektiň çäginde biz Pekinden Urumçä, ondan aňyry hem Gazagystanyň serhedine syýahat ederis. Ýolumyzyň dowamynda biz maglumatlary toplap, bellikleri hem ederis.

Azatlyk Radiosy: Siz göz öňünde tutulýan energiýa-geçirijiniň ugruny yzarlap, onuň geçýän obalaryna syýahat etmekçi bolýaňyzda?

Benny Şaffer: Hawa, edil şeýle. Häzirki planymyz şular ýalyrak. Emma, hawa, ýolda her dürli garaşylmadyk ýagdaýlaryň hem ýüze çykmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Siz bir oba baran mahalyňyz nähili maglumatlary toplamakçy bolýarsyňyz?

Benny Şaffer: Muny öňünden aýdyp bolmasa gerek. Sebäbi, bu görnüşdäki proýektlerde öz intuisiýaňa bil baglamaly bolýarsyň. Her sebitiň, her ýeriň öz aýratynlygy bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz her bir oba syýahat eden mahalyňyz anyk haýsy bir maglumatyň üstüni açmakçy bolýarsyňyz?

Benny Şaffer: Biz bu uly infrastruktura proýektiniň adamlaryň durmuşyna nähili täsir ýetirendigini öwrenmekçi bolýarys. Ýagny, bu geçirijiniň adamlaryň durmuşyny nä derejede üýtgedendigini anyklajak bolýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz geçirijiniň geçýän ugry boýunça ekologiki ýagdaýlara hem seretmekçimi?

Benny Şaffer: Hawa, ekologiki ýagdaýlar hem bizi gyzyklandyrýar. Bärde belläp geçmeli bir ýagdaý bar: biz syýasy aktiwist hökmünde nähilidir bir proýekte gatyşmak islemeýäris; biz synçy, biz ýagdaýlary hasaba alýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG