Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 14 adam öldi


“Yslam döwleti” atly topar Yrakdaky şaýylara garşy ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýar.

“Yslam döwleti” atly topar Yrakdaky şaýylara garşy ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýar.

Bagdadyň golaýyndaky şäherleriň biriniň bazarynda amala aşyrylan ulag partlamasynda 14 adam öldi. Bu barada Yragyň resmileri habar berýärler.

Paýtagtdan 70 km uzaklykda ýerleşýän şaýylaryň Balad Ruz şäherinde bolan bu wakada başga-da 37 adam ýaralandy diýip, ýerli polisiýa maglumat berýär.

Diýala welaýatynyň saglyk resmileri ölenleriň sanyny tassykladylar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma “Yslam döwleti” atly sünnüleriň ekstremistik topary Yrakdaky şaýylara garşy ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG