Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza zarba urdy


Soňky iki hepdäniň içinde Gazadan Ysraýyla üç raketa hüjümi amala aşyryldy.
Soňky iki hepdäniň içinde Gazadan Ysraýyla üç raketa hüjümi amala aşyryldy.

Ysraýyl Hamasyň kontrollygyndaky sebitden atylan raketa jogap edip, Gaza zolagyna howa hüjümini amala aşyrandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň armiýasy howa hüjüminiň “Gaza zolagynyň demirgazygyndaky terroristik infrastruktura garşy amala aşyrylandygyny, şeýle-de nyşananyň urlandygyny” habar berýär.

Howa zarbasynyň netijesinde ýüze çykan ýitgiler barada Gaza zolagyndan hiç hili maglumat gowuşmady.

Soňky iki hepdäniň içinde Gazadan Ysraýyla üç raketa hüjümi amala aşyryldy. Bularyň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” toparyna ygrarlydygyny aýdýan ýerli jyhadçy topar öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG