Sepleriň elýeterliligi

Ýamganda “ýiti çaknyşyklar” gidýär


Owgan esgeri

Owgan esgeri

Owganystanyň demirgazygynda ýurduň armiýasy “Talyban” söweşejileriniň eýelän etrabyny azat etmek ugrunda söweşýärler.

Badagşan welaýatynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Şah Waliullah Adeeb Ýamgan etrabynyň töwereginde dowam edýän "ýiti çaknyşyklarda" 10 söweşijiniň we 4 howpsuzlyk işgäriniň öldürilendigini habar berýär.

Adeeb howpsuzlyk güýçlerine howadan hem hemaýatyň berilýändigini aýtdy. Ýamgan etraby şenbe güni “Talybanyň” kontrollygyna geçipdi. Ýerli resmiler “Talyban” bilen birlikde daşary ýurtly jeňçileriň hem söweşýändigini aýdýarlar.

“Talyban” Ýamgan etrabynyň merkezini basyp alandygyny tassyklady.

2014-nji ýylda hem “Talyban” Ýamgany basyp alypdy. Emma iki günden soň, hökümet güýçleri gözegçiligi öz ellerine geçirmegi başarypdylar.

XS
SM
MD
LG