Sepleriň elýeterliligi

Obama: “Ukrainadaky rus agressiýasy maslahat ediler”


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Topar Ýedi (G7) sammitiniň öňüsyrasynda çykyş edip, maslahatyň dowamynda Russiýanyň Ukrainadaky “agressiýasy” diýip atlandyran hereketlerine we yslam ekstremizminiň abandyrýan howpuna garşy durmagyň ýollary barada maslahat ediljekdigini aýtdy.

Germaniýanyň günortasyndaky Sloss Elamu şäherinde geçjek iki günlük sammite gelen Obama maslahatyň dowamynda beýleki meseleler bilen birlikde “Russiýanyň Ukrainadaky afressiýasyna garşy durmagyň ýollary” barada hem pikir alyşyljakdygyny mälim etdi.

Obama Sloss Elamu şäherine gelende, ony Germaniýanyň kansleri Angela Merkel garşy aldy.

Obama sammitiň dowamynda täze iş orunlaryny döretmek we klimatyň üýtgemegi ýaly meselelere hem garaljakdygyny mälim etdi.

G7 toparyna Germaniýa, Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Kanada we ABŞ girýär.

Ozal G8 ady bilen tanalýan bu topardan Russiýa çykarylypdy. Bu geçen ýyl Moskwanyň Krymy basyp almagyndan soň ýüze çykan ýagdaý boldy.

Sammitiň öňýany Garmiş-Partenkirhen şäherinde müňlerçe demonstrant protest geçirip, polisiýa bilen çaknyşdy.

Wakada ençeme adam ýaralanyp, olar keselhana ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG